Ysraýylyň Howpsyzlyk Güýçleri, Täze Ýyldan Bäri Palestinaly 50 Adamy Öldürdi

2021-nji ýylyň degişli döwründe Ysraýylyň howpsyzlyk güýçleri tarapyndan 14 palestinaly öldürildi, 2022-nji ýylda bolsa şol san artdy

1824304
Ysraýylyň Howpsyzlyk Güýçleri, Täze Ýyldan Bäri Palestinaly 50 Adamy Öldürdi

Ysraýylyň howpsyzlyk güýçleriniň 2022-nji ýylyň başyndan bäri basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriada we gabaw astyndaky Gazza sektorynda asuda ilatdan palestinaly 50 adamy öldürdi.

Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň görkezijilerine görä, Günbatar Şeriada Jenin şäherinde 17, Nablusda 7 palestinaly Ysraýylyň howpsyzlyk güýçleri tarapyndan öldürildi.

Galan palestinalylaryň bolsa Gazada öldürlendigi nygtaldy.

Habarnamada mundan başgada 2021-nji ýylyň degişli döwründe Ysraýylyň howpsyzlyk güýçleri tarapyndan 14 palestinalynyň öldürlendigine, 2022-nji ýylda bolsa şol sanyň artandygyna üns çekildi.

 



Degişli Habarlar