Hytaýyň Döwlet Başlygy Si Szinpin Ýewropanyň howpsuzlygy barada beýanat berdi

Hytaýyň Döwlet Başlygy Si Szinpin: "Ýewropanyň howpsuzlygy ýewropalylaryň elinde bolmaly" diýdi

1824432
Hytaýyň Döwlet Başlygy Si Szinpin Ýewropanyň howpsuzlygy barada beýanat berdi

Hytaýyň Döwlet Başlygy Si Szinpin, Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen onlaýn görnüşde geçiren duşuşygynda, Russiýa-Ukraina söweşiniň Ýewropanyň howpsuzlygyny ýene-de bir gezek tankydy çatryga getirendigine ünsleri çekip, çaknyşygyň ulalyp, yza gaýdyp bolmajak nokada ýetmeginiň öňüni almak üçin her dürli tagallanyň edilmeginiň gerekdigini habar berdi. 

Hytaýyň Ýewropanyň parhatçylyk gepleşiklerinde položitel rol eýelemegi we deňagramly, täsirli we dowamly Ýewropanyň howpsuzlyk binagärçiliginiň emele getirilmegini goldaýandygyny aýdan Si Szinpin: "Ýewropa ýurtlarynyň, Ýewropanyň uzak möhletleýin durnuklylygyny göz öňünde tutup, taryhy jogapkärçilik we syýasy paýhaslyk görkezmegi we çözüwi höweslendirmegi gerek. Ýewropanyň howpsuzlygy ýewropalylaryň elinde bolmaly" diýip nygtady.

Si Szinpin: "Hytaý Ýewropanyň strategik özygtyýarlylygyny goldaýar. Hytaý-ÝB gatnaşyklary hiç bir 3-nji tarapy nyşana almaýşy ýaly, 3-nji tarapyň gol astynda we gözegçiliginde bolmaly däl" diýip habar berdi. 


Etiketkalar: #howpsyzlyk , #Ýewropa , #Hytaý

Degişli Habarlar