Ukraina Rus goşunynyň harby ýitgileri barada maglumat berdi

Ukrainanyň Baş Ştaby Rus goşunynyň 25 müň 650 esgerini, 199 uçaryny, 158 dikuçaryny we 1145 taňkyny ýitirendigini habar berdi

1824089
Ukraina Rus goşunynyň harby ýitgileri barada maglumat berdi

Ukrainanyň Baş ştaby Russiýanyň goşunynyň 24-nji fewral-9-njy maý aralygynda çeken harby ýitgileri barada maglumat berdi.

Ukraina garşy söweş başladan Russiýa soňky 24 sagatda ýene-de 150 esgerinden mahrum boldy.  

Berilen maglumatlara laýyklykda Ukraina garşy hüjüm başladan Russiýanyň goşunyndan 25 müň 650 esger öldürildi, ruslara degişli 199 uçar, 158 dikuçar, 1145 taňk, 2 müň 764 sowutly ulag, 513 top, 185 raketa ulgamy we 87 howa goranyş ulgamy hatardan çykaryldy. 

Russiýanyň goşuny şeýle hem 1970 ulagyny, 12 gämi we ýokary tizlikli katerini we 377 uçarmansyz howa ulagyny ýitirdi. Beýanatda şeýle hem ruslaryň atan 94 ganatly raketasynyň Ukrainanyň howa goranyş ulgamlary tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirilendigi aýan edildi.  

Russiýanyň Goranmak ministrliginden 25-nji martda berilen beýanatda, Ukrainada 1351 rus esgeriniň ýogalandygy habar berilipdi.



Degişli Habarlar