Peskow Rus Ykdysadyýeti Boýunça Beýannama Berdi

Peskow rus rublynyň altyn we walýuta gymmaty bolan dürli gymmatly bahaly harytlara indekslenmegi hakynda maslahat geçirilendigini aýtdy.

1820633
Peskow Rus Ykdysadyýeti Boýunça Beýannama Berdi

Russiýanyň Prezidentiniň Diwanynyň metbugat Sekretary Dmitriý Peskow rus rublynyň altyn we walýuta gymmaty bolan dürli gymmatly bahaly harytlara indekslenmegi hakynda maslahat geçirilendigini aýtdy.

Peskow paýtagt Moskwada beren beýannamasynda rus ykdyasdyýeti hakynda maglumat berdi.

Rus rublynyň altyn ýa-da walýuta gymmaty bolan dürli gymmat bahaly harytlara indekslenmegi hakynda soraga jogap beren Peskow; “Bu mesele häziri wagtda seljerilýär” diýdi.

Peskow ABŞ-nyň Perzidenti Jo Baýdeniň sanksiýa sanawyndaky rus oligarhlarynyň emläkleriniň konfeskislenip, olaryň ukrain halkyna kömek üçin satylmagy üçin Kongressden ygtyýar soramagyna barada hem beýanat berdi.

Onuň iňňän howply mysal bolandygyny nygtan Peskow, haýsydyr bir hukuk normasynyň göz görtele ýoýulmagynyň umuman ähli hukuk adalgalarynyň bozulmagy manysyny aňladyp biljekdigini beýan etdi.

Onuň çuňňur ýalňyş düşünmä sebäp boljakdygyny nygtan Peskow; “Ol, hususy emlägi konfiskasiýa etmek we ony kanunylaşdyrmakdan başga zat däl” diýdi.

 



Degişli Habarlar