“Howpsyzlyk Sebäpli Şu Gün Ynsanperwer Geçelgeler Ýapyk Bolar”

“22-nji aprelde şu gün howpsyzlyk sebäpli ynsanperwer geçelgeler ýapyk bolar. Sabyrly boluň we garaşyň”

1816266
“Howpsyzlyk Sebäpli Şu Gün Ynsanperwer Geçelgeler Ýapyk Bolar”

Russiýanyň 24-nji fewralda başladan söweşinden soň Ukrainadaky asuda ilatyň howpsyz ýerlere göçürülmeginde esasy rol oýnaýan ynsanperwer geçelgeleriniň howpsyzlyk sebäpli şu gün açylmajakdygy habar berildi.

Ukrainanyň Wise-premýeri Irina Wereşuk beren beýannamasynda howpsyzlyk sebäpli şu gün ynsanperwer geçelgeleriniň açylmajakdygyny ýatlatdy.

Wereşuk “22-nji aprelde şu gün howpsyzlyk sebäpli ynsanperwer geçelgeler ýapyk bolar. Sabyrly boluň we garaşyň”diýdi.

Wereşuk, düýn hem rus güýçleriniň bombaly hüjümleri sebäpli Mariupoldan asuda ilaty göçürip bilmändiklerini aýdypdy.

Hepdäniň başyndan bäri ruslaryň Donbasdaky hüjümleriniň artmagy sebäpli Ukraina bilen Russiýanyň arasynda ynsanperwer geçelgeler meselesinde ylalaşyk gazanylyp bilinmeýär.



Degişli Habarlar