Russiýa Ukrainadaky hüjümler barada beýanat berdi

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň metbugat geňeşçisi Igor Konaşenkow, Donbass sebitindäki Ukrainanyň goşunyna degişli ýerlere ýokary takyk raketalar bilen hüjüm gurandyklaryny habar berdi

1814888
Russiýa Ukrainadaky hüjümler barada beýanat berdi

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň metbugat geňeşçisi Igor Konaşenkow, Donbass sebitinde ýerleşýän käbir ýerlere garşy ýokary takyk ýaraglar ulanandyklaryny mälim etdi. 

Konaşenkow: "Kalinowo-Popasnoe ýaşaýyş zolaklarynyň golaýyndaky 2 sany aýry berkidilen pozisiýa, Mirnoe, Slawýansk we Popasnoe ýaşaýyş ýerleriniň golaýyndaky harby enjamlar we esgerleriň üýşen ýerleri howadan atylan ýokary takyk raketalar bilen nyşana alyndy. 180-e golaý esger we 15 sowutly ulag ýok edildi. Mundan başgada Barwenkowo ýaşaýyş zolagynyň golaýynda Buk-M1 howa goranyş raketa ulgamy ýok edildi" diýip beýan etdi.

Russiýanyň howa operasiýa taktiki güýçleriniň Ukraina degişli 31 harby nyşana hüjüm gurandygyny aýdan Konaşenkow, şolaryň hatarynda Razdolnoe we Nowogrodowka ýaşaýyş ýerleriniň golaýynda 2 ştab merkezi, 28 harby enjam we esgerleriň üýşen meýdany bilen Priwolýeniň golaýyndaky köp nilli raketa ulgamynyň ammarynyň bardygyny aýan etdi. 

Russiýanyň howa goranyş ulgamynyň Çernobaýewka, Zaliznoe we Pokrowskoe ýaşaýyş ýerleriniň golaýynda Ukraina degişli 3 sany uçarmansyz howa ulagyny od açyp ýere gaçyrandygyny aýdan Konaşenkow, raketa we artilleriýe birikmeleriniň bolsa 2 ştab merkezini, ok-däri ammaryny, artilleriýa batareýalaryny we ençeme harby tehniki ulagy ýok edendigini habar berdi. 

Konaşenkow Ukrainanyň goşunyna degişli şu günki güne çenli 140 uçaryň, 490 uçarmansyz howa ulagynyň, 253 howa goranyş raketa ulgamynyň, 2 müň 367 taňkyň we sowutly ulagyň, 256 köp nilli raketa ulgamynyň, 1 müň 21 gaubisanyň we minomýodyň we 2 müň 225 ýörite harby ulagyň ýok edilendigini mälim etdi. 

 



Degişli Habarlar