Ermenistanyň Premýer-ministri Paşinýan Moskwada Saparda Bolýar

Wladimir Putin, Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan bilen duşuşdy.

1814712
Ermenistanyň Premýer-ministri Paşinýan Moskwada Saparda Bolýar

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan bilen duşuşdy.

Putin Moskwada saparda bolýan Paşinýan bilen bolan duşuşygynyň öňüsyrasynda metbugata beýannama berdi.

Paşinýanyň resmi saparynyň çäginde Russiýa bilen Ermenistanyň arasynda birnäçe şertnama baglaşylmagyna garaşylýandygyny aýdan Putin, geçen ýyl ykdysady gatnaşyklaryň ösendigine ünsi çekdi.

Putin, Paşinýan bilen hökmany suratda 10 günde bir telefon arkaly söhbetdeşlik geçirýändigini belledi.

Rus lideri Putin, “Elbetde Garabag meselesi gün tertibinde esasy orun eýeleýär” diýdi.

Ermenistanyň Premýer-ministri Paşinýan hem Russiýanyň we Putiniň Garabagdaky çaknyşyklaryň bes edilmeginde uly rol oýnandygyna ünsi çekdi.

 



Degişli Habarlar