Zelenskiý ÝB-niň Russiýa Hemaýatkärligini Bes Etmelidigini Aýtdy

Ukrainanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Zelenskiý ýaýlyma berilen wideo ýüzlenmesinde ÝB-niň Russiýa nebit embargosuny goýmalydygyny beýan etdi.

1812130
Zelenskiý ÝB-niň Russiýa Hemaýatkärligini Bes Etmelidigini Aýtdy

Zelenskiý; “Ýewropa ähli rus energiýa serişdelerinden el çekmäge taýýardygyny aç-açan görkezmeli. ÝB, rus söweş enjamyna hemaýatkärlikden el çekmeli” diýdi.

Rus harby güýçleriniň gündogar we günorta tarapa gönügendigini, raketa we artilleriýa hüjümlerini dowam etdirýändigini, täze harby enjamlary getirýändigini we ätiýaçlaryny taýýarlaýandygyny nygtan Zelenskiý, Russiýanyň aýratynam günortadaky ukrainleri öz goşunyna almaga çalyşýandygyny beýan etdi.

Zelenskiý ýurduň gündogar we günorta etraplarynda rus goşunlarynyň hereketiniň, olaryň ynamsyzlygyny görkezýändigini aýtdy.

Sowet döwründen galan köp sanly harby ulag  ätiýajyna we esgere eý ebolan rus goşunlarynyň Ukrainany “syndyrjak” güýje eýedigine rus esgerleriniň özüniň hem şübheli garaýandygyny nygtan Zelenskiý; “İru giç, ýa rus hökümeti hakykatan hem parahatçylyk gözlär ýa-da bu söweşiň netijesinde Russiýa halkara arenadan doly çekiler” diýdi.

 



Degişli Habarlar