Di Maýo: "Parahatçylyk üçin iň köp tagalla edýän Türkiýedir" diýdi

Italiýanyň Daşary işler ministri Luiji Di Maýo, Ukrainadaky söweşde parahatçylyk üçin iň köp tagalla edýän döwletiň Türkiýedigini beýan etdi

1811846
Di Maýo: "Parahatçylyk üçin iň köp tagalla edýän Türkiýedir" diýdi

Italiýanyň Daşary işler ministri Luiji Di Maýo, radio kanallarynyň birinde Russiýanyň Ukraina garşy başladan söweşi we başdan geçirilen soňky wakalar barada beren beýanatynda, taraplar ret etsede olaryň diplomatiýany tizleşdirmekleriniň gerekdigini belläp, diplomatiýanyň esasy çözgütdigini habar berdi. 

Ýewropa Bileleşiginiň parahatçylyk maslahatyny geçirmek üçin taraplary höweslendirmelidigini aýdan Di Maýo: "Od açmazlyk baradaky ylalaşykdan ozal parahatçylyk maslahatyny höweslendimegimiz gerek. Parahatçylyk üçin iň köp tagalla edýän Türkiýe döwletidir. Türkiýe taraplaryň ikisi bilen hem gepleşikler geçirip bilýär" diýip mälim etdi. 

Italiýan we rus resmileriň arasynda ikitaraplaýyn häsýetde käbir oňaýsyz beýanatlaryň berilendigini aýdan Di Maýo, oňa garamazdan Moskwa bilen hemişe açyk bir kanallarynyň bardygyny beýan etdi. 

Di Maýo, sanksiýalar bilen Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň maliýe çeşmelerini kesmeseler, rus lideriň bu söweşi maliýeleşdirmegini dowam etdirjekdigini we ýeňiş gazanaryn düşünjesi bilen gepleşikler stoluna oturmagy hiç wagt pikir etmejekdigini aýan etdi. 



Degişli Habarlar