Mariupolyň häkimi gabaw astyndaky şäherde asuda ilatdan 5 müň adamyň ýogalandygyny aýan etdi

Ukrainanyň Mariupol şäheriniň häkimi Wadim Boýçenko, gabaw astyndaky şäherde 1 aýyň dowamynda 210-sy çaga bolmak bilen takmynan 5 müň adamyň ýogalandygyny habar berdi

1808601
Mariupolyň häkimi gabaw astyndaky şäherde asuda ilatdan 5 müň adamyň ýogalandygyny aýan etdi
Ukrayna Rusya Mariupol Hastane saldırısı1.jpg
Mariupol Ukrayna.jpg
Mariupol Ukrayna.jpg
mariupol saldiri.jpg
mariupol tiyatro.JPG
mariupol-tiyatro.jpg
Russian attacks in Mariupol .jpeg
Ukrayna Rusya Mariupol Hastane saldırısı.jpg

Mariupolyň şäher häkimligi tarapyndan berilen beýanata görä, häkim Wadim Boýçenko onlaýn görnüşde Russiýanyň Ukraina garşy eden jenaýatlarynyň syýasy we hukuk taýdan netijeleriniň ele alynan tegelek stol maslahatyna gatnaşdy. 

Wadim Boýçenko ol ýerde eden çykyşynda, soňky wagtlarda ýurdunyň galkynyşynyň simwoly bolan Mariupolyň häzirki wagtda rus esgerler tarapyndan dolulygyna ýok edilmegiň bosagasyndadygyny aýan etdi. 

Şäheriň infrastrukturasynyň 90 göterimden gowragynyň ýok edilendigini aýdan Wadim Boýçenko: "Şolaryň azyndan 40 göterimi ulanyp bolmajak ýagdaýa geldi" diýip mälim etdi. 

Wadim Boýçenko Ýewropa ýurtlarynyň Ukrainanyň halkyna edilen jenaýatlara garşy jogap göçüm etmelidigini belläp: "Deslapky çaklamalara görä gabaw astyna alynan Mariupolda diňe 1 aýda 210-sy çaga bolmak bilen takmynan 5 müň adam ýogaldy. Rus terrorçylar çaga hassahanasyna birnäçe uly bomba atdy. 1 belgeli Şäher hassahanasynyň binalarynyň birini ýumurdy. Takmynan 50 adam diri ýagdaýda ýakyldy. Şäherdäki 900-den gowrak adamyň gizlenen teatr binasy bombalandy. Bular Mariupol şäheriniň asuda ilatyny meýilnamalaýyn häsýetde ýok etmegiň birnäçe mysaly" diýip habar berdi. 


Etiketkalar: #Russiýa , #rus , #häkim , #Ukraina , #Mariupol

Degişli Habarlar