Ukraina: "Russiýanyň harby birikmeleri Slawýansk we Kramatorsk ugurlarynda hüjüme başlady"

Ukrainanyň Prezident Diwanynyň geňeşçisi Alekseý Arestowiç, Russiýanyň goşunynyň ozal basyp alan Izýum şäherinden Slawýansk we Kramatorsk ugurlarynda hüjüme geçendigini habar berdi

1808334
Ukraina: "Russiýanyň harby birikmeleri Slawýansk we Kramatorsk ugurlarynda hüjüme başlady"

Alekseý Arestowiç, Slawýansk we Kramatorsk ugurlary boýunýa hüjüme başlan Russiýanyň harby birikmeleriniň biraz öňe gidişlik edendigini, 1 rus dikuçarynyň Ukrainanyň esgerleri tarapyndan od açylyp ýere gaçyrylandygyny mälim etdi. 

Ruslaryň 3 gün ozal günorta we demirgazyk taraplaryndan kiçiräk hem bolsa hüjüm edendigini aýdan Arestowiç, Ukrainanyň harby birikmeleriniň Donbassa tarap demirgazykdan päsgel bermäge synanyşylýandygyny beýan etdi. 

Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäheriniň golaýyndaky Buça şäherini 1-nji aprelde rus harby güýçlerinden azat eden Ukrainanyň goşuny, şähere binalary ýurmulan, köçeleri adamlaryň jesetleri bilen dolan görnüşde giripdiler. Kiýewiň golaýynda azat edilen ýaşaýyş zolaklarynda 410 adamyň jesedi tapylypdy. 

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy harby hüjüm başladypdy. 


Etiketkalar: #hüjüm , #Russiýa , #Ukraina

Degişli Habarlar