Ukraina Rus goşunynyň söweşde çeken ýitgisi barada maglumat berdi

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy söweş başladypdy

1808096
Ukraina Rus goşunynyň söweşde çeken ýitgisi barada maglumat berdi

Ukrainanyň Baş ştaby Russiýanyň goşunynyň 24-nji fewral-6-njy aprel aralygynda çeken harby ýitgileri barada maglumat berdi.

Berilen maglumatlara laýyklykda Ukraina hüjüm başladan Russiýanyň goşunyndan 18 müň 600 esger öldürildi, ruslara degişli 150 uçar, 135 dikuçar, 684 taňk, 1861 sowutly ulag, 332 top, 107 raketa ulgamy we 55 howa goranyş ulgamy hatardan çykaryldy. 

Russiýanyň goşuny şeýle hem 1324 ulagyny, 7 gämi we ýokary tizlikli katerini, 76 ýangyç ulagyny we 96 uçarmansyz howa ulagyny ýitirdi. 

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy söweş başladypdy. 


Etiketkalar: #goşun , #Russiýa , #Ukraina

Degişli Habarlar