Polşanyň Premýer ministri Putin bilen söhbetdeş bolan Makrony tankyt etdi

Mateuş Moraweskiý: "Esasy eşitmegiňiz gerek zat öldürilen zenanlaryň we çagalaryň sesi bolmalydyr" diýip nygtady

1807639
Polşanyň Premýer ministri Putin bilen söhbetdeş bolan Makrony tankyt etdi

Polşanyň Premýer ministri Mateuş Moraweskiý, Ukrainanyň Buça şäherinde asuda ilatyň öldürilmeginden soň, Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bilen söhbetdeş bolanlygy sebäpli Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makrony berk ýagdaýda tankyt etdi.

Polşanyň Premýer ministri Mateuş Moraweskiý, Warşawada geçiren metbugat ýygnagynda, Günbatar döwletlerinden rus çeşmelerine garşy sanksiýalaryny we embargolaryny artdyrmagyny isläp, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron barada bolsa: "Hormatly Makron Putin bilen näçe gezek söhbetdeş bolduňyz, näme başardyňyz? Jenaýatçylar bilen söwdalaşyljyk bir ýagdaý ýok" diýip nygtady. 

Russiýa garşy girizilen sanksiýalaryň ýeterlik derejede bolmandygyny aýdan Mateuş Moraweskiý, Germaniýanyň Federal kansleri Olaf Şolsa yza ädim etdiren zadyň hem nemes milliarderleriň sesi bolmagynyň mümkindigini beýan etdi. 

Mateuş Moraweskiý: "Esasy eşitmegiňiz gerek zat öldürilen zenanlaryň we çagalaryň sesi bolmalydyr" diýip nygtady. 

Britaniýanyň metbugatynda berilen habarlarda hem Mateuş Moraweskiý: "Jenaýatçylar bilen söwdalaşmaly däl, olara garşy söweşilmelidir. Hiç kim Gitler bilen söwdalaşmady. Gitler, Stalin, Pol Pot bilen söwdalaşarsyňyzmy?" diýip belläpdi. 



Degişli Habarlar