“Ýüz Müňlerçe, Millionlarça Adamyň Ölmegini Islemeýän Bolsak, Gepleşikden Başga Ýol Ýok”

Wladimir Zelenskiý, Amerikan JBS kanalyna, 24-nji fewraldan bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşi hakynda maglumat berdi.

1806493
“Ýüz Müňlerçe, Millionlarça Adamyň Ölmegini Islemeýän Bolsak, Gepleşikden Başga Ýol Ýok”
Odessa rafinerisi Rusya Ukrayna.jpg
Ukrayna3.jpg
Ukrayna2.jpg
Ukrayna1.jpg

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, rus güýçleriniň paýtagt Kiýewiň golaýyndaky ilatly ýerlerde ýaşaýan halky gynap öldürendigini we “gyrgynçylyk” edendigini ýatlatdy.

Wladimir Zelenskiý, Amerikan JBS kanalyna, 24-nji fewraldan bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşi hakynda maglumat berdi.

Russiýanyň taktiki taýdan çekilendigini aýdan Zelenskiý, rus güýçleriniň käbir şäherleri almak üçin birnäçe gezek synanşandygyny, Kiýewiň golaýyndaky etrapçalary bolsa ýykyp ýumurandygyny nygtady.

Birnäçe gezek söweş hakyndaky filmlere tomaşa edendigini nygtan Zelenskiý “Emma bir ýurduň dolulygyna ýykylmagyna karar bermek samsyklyk” diýdi.

Ukrainanyň Prezidenti, rus güýçleriniň Gündogar Ukraina tarap gönügendigini, Krym bilen Donbass sebitini biri-biri bilen birleşdirmek üçin esger ornaşdyrýandygyny we çeçenleri şol ýere getirendigini nygtady.

Ruslaryň çekilmeginden soň Kiýewiň golaýynda tapylan jesetler we halkyň gynalyp öldürlendigini görkezýän sýužýetler hakynda hem durup geçen Zelenskiý, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen birlikde bu ölümlere sebäp bolan serkerdeleriň adalatyň öňünde jogap bermelidigini ýatlatdy.

Zelenskiý “Elleri daňylan, bedenleri deşilen, gynalan ynsanlar we öldürlen çagalar. Bu diýseň gorkunç” diýdi.

Zelenskiý, Kiýewiň golaýynda başdan geçirlenleriň “gyrgynçylyk” bolup bolmandygy hakyndaky soraga “Elbetde gyrgynçylyk. Tutuş milletiň we halkyň ortadan aýrylmagy diýmekdir. Biz Ukrainanyň raýatlary. Bizde ýüzden gowrak millet bar. Bu tutuş milletleriň ýok edilmegi bilen arabaglanşyklydyr. Biz Ukrainanyň raýatlary we Russiýa Federassiýasynyň syýasatyna boýun egmek islemeýäris. Ýok edilmegimiziň sebäbi bu we bu waka 21-nji asyrda Ýewropada başdan geçirilýär” diýip jogap berdi.

Söweşiň bes edilmelidigini nygtan Zelenskiý, müňlerçe adamyň ýogalandygy sebäpli barlyşyga razy däldigini emma başga çykalgasynyň hem ýokdygyny ýatlatdy.

Wladimir Zelenskiý “Bir prezident hökmünde ýüz müňlerçe, millionlarça adamyň ölmegini islemeýän bolsak, gepleşikden başga ýol ýok diýýärin” diýip belledi.

Ukrainanyň Prezidenti soňky wideo ýüzlenmesinden bolsa Germaniýanyň ozalky Federal Kansleri Angela Merkeliň we Fransiýanyň ozalky Prezidenti Nikolas Sarkoziniň rus esgerlerinden halas edilen Buça gelip görmeklerini isledi.

Paýtagt Kiýewiň golaýynda ýerleşýän Buça şäherini rus güýçlerinden 1-nji aprelde halas eden Ukrainanyň goşuny, ýykylan binalary, jesetlerden doly köçeleri görüp geň galdy.

 

 

 



Degişli Habarlar