Ukraina Russiýanyň goşunynyň ýitgileri barada maglumat berdi

Ukrainanyň Baş ştaby Russiýanyň goşunynyň 24-nji fewral-4-nji aprel aralygynda çeken harby ýitgileri barada maglumat berdi

1806602
Ukraina Russiýanyň goşunynyň ýitgileri barada maglumat berdi

Berilen maglumatlara laýyklykda Ukraina hüjüm başladan Russiýanyň goşunyndan 18 müň 300 esger öldürildi, ruslara degişli 147 uçar, 134 dikuçar, 647 taňk, 1844 sowutly ulag, 330 top, 107 raketa ulgamy we 54 howa goranyş ulgamy hatardan çykaryldy. 

Russiýanyň goşuny şeýle hem 1273 ulagyny, 7 gämi we ýokary tizlikli katerini, 76 ýangyç ulagyny we 92 uçarmansyz howa ulagyny ýitirdi. 


Etiketkalar: #ýitgi , #harby , #Russiýa , #Ukraina

Degişli Habarlar