Polşa Smolenskdäki uçar heläkçiliginiň jogapkäriniň Russiýadygyny mälim etdi

Ýaroslaw Kaçinskiý, Polşanyň ''Sieci'' žurnalyna beýanat berdi

1806696
Polşa Smolenskdäki uçar heläkçiliginiň jogapkäriniň Russiýadygyny mälim etdi

Polşanyň Wise-premýeri Ýaroslaw Kaçinskiý, 2010-njy ýylda aralarynda ýurdyň Prezidenti Leh Kaçinskiýniň we aýalynyň bolan jemi 96 adamyň ýogalmagy bilen netijelenen Russiýanyň Smolensk şäherindäki uçar heläkçiliginiň jogapkäriniň Russiýadygyny aýan etdi. 

Ýaroslaw Kaçinskiý, Polşanyň ''Sieci'' žurnalyna beren beýanatynda, "Smolenkskdäki pajyganyň hüjüm bolandygy barada hiç hili şübhäm ýok. Şol karar Kreml tarapyndan kabul edildi" diýip habar berdi. 

Polşanyň Wise-premýeri Ýaroslaw Kaçinskiý dünýäniň köp sandaky ýurdunyň ençeme ýyllap Smolenskde nämeleriň başdan geçirilendigini bilýändigini, şol wagtky Polşanyň hökümediniň hakykatlaryň üstüni ýapmak ýoluny saýlap alandygyny we Russiýa bilen eýmenç ylalaşyk baglaşandygyny beýan etdi. 

Düzüminde aralarynda Polşanyň Prezidenti Leh Kaçinskiý we aýaly hem bolan jemi 96 adamy daşaýan Tupolew 154 kysymly uçar, 2010-njy ýylyň 10-njy aprelinde Stalin zamanynda takmynan 22 müň polşalynyň öldürilen Katyn gyrgynçylygynyň ýagty ýadygärligine bagyşlanyp geçiriljek dabara gatnaşmak maksady bilen Russiýanyň Smolensk şäherindäki howa menziline gonjak mahaly, tokaýlyk zolaga gaçypdy, uçardaky ýolagçylaryň ählisi ýogalypdy. 



Degişli Habarlar