Russiýa: "Taliban Moskwa bilen gatnaşyklaryny özgertmek isleýär" diýdi

Zamir Kabulow, Rossiya-1 telewideniýe kanalyna beýanat berdi

1806314
Russiýa: "Taliban Moskwa bilen gatnaşyklaryny özgertmek isleýär" diýdi

Russiýanyň Döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putiniň Owganystan boýunça ýörite wekili Zamir Kabulow, Owganystanyň Talibanyň wagtlaýyn hökümediniň Russiýa bilen gatnaşyklaryny özgertmek isleýändigini habar berdi. 

Zamir Kabulow, Rossiya-1 telewideniýe kanalyna beren beýanatynda, Talibanyň hökümedi bilen ýurdunyň arasyndaky gatnaşyklaryň üstünde durup geçdi. 

Taliban bilen dialogyň dostluklydygyny aýdan Kabulow, şol dialogyň ýüzleý bolmandygyny belläp: "Täze owgan hökümediniň Russiýa bilen gatnaşyklaryny özgertmek baradaky pozisiýasyny duýduk" diýip habar berdi. 

Russiýanyň wekiliýeti 24-nji martda Owganystanyň paýtagty Kabul şäherinde Talibanyň hökümedi bilen gepleşikler geçiripdi, Taliban hem şol gepleşikleriň netijesinde Moskwa bilen hyzmatdaşlygyny özgertmegiň tarapdarydyklaryny beýan edipdi. 


Etiketkalar: #Russiýa , #Owganystan , #Taliban

Degişli Habarlar