Ukraina Rus goşunynyň söweşde çeken ýitgisi barada maglumat berdi

Ukraina hüjüm guran Russiýanyň goşunynyň 17 müň 500 esgerini, 135 uçaryny, 131 dikuçaryny we 614 taňkyny ýitirendigi mälim edildi

1804922
Ukraina Rus goşunynyň söweşde çeken ýitgisi barada maglumat berdi

Ukrainanyň Baş ştaby Russiýanyň goşunynyň 24-nji fewral-31-nji mart aralygynda çeken ýitgileri barada beýanat berdi. 

Berilen maglumata görä Ukraina garşy hüjüm başladan Russiýanyň goşunyndan 17 müň 500 esger öldürildi, ruslara degişli 135 uçar, 131 dikuçar, 614 taňk, 1735 sowutly ulag, 311 top, 96 raketa ulgamy we 54 howa goranyş ulgamy ýok edildi. 

Russiýanyň harby güýçleri şeýle hem 1201 ulagyny, 7 gämisini we ýokary tizlikli katerini, 75 ýangyç ulagyny we 83 uçarmansyz howa ulagyny ýitirdi. 

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy hüjüm başladypdy. 


Etiketkalar: #ýitgi , #goşun , #Russiýa , #Ukraina

Degişli Habarlar