Russiýa Stambulda geçirilen gepleşikler barada beýannama berdi

Russiýanyň hökümediniň metbugat sekretary Dmitriý Peskow, Ukrainanyň tekliplerini konkretleşdirmeginiň oňyn bir hadysadygyny beýan etdi

1804490
Russiýa Stambulda geçirilen gepleşikler barada beýannama berdi

Russiýanyň hökümediniň metbugat sekretary Dmitriý Peskow, ýurdyň paýtagty Moskwa şäherinde rus we ukrain wekiliýetleriniň düýn Stambulda geçiren gepleşikleri we güntertibiniň ileri tutulýan beýleki ugurlary barada beýanat berdi. 

Gepleşiklerde Russiýanyň wekiliýetine ýolbaşçylyk eden Russiýanyň Döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putiniň geňeşçisi Wladimir Medinskiýniň şu gün geçirilen gepleşikler barada jikme-jik maglumat berjekdigini aýdan Peskow: "Ukrainanyň iň bolmanda tekliplerini konkretleşdirmegi we kagyza geçirmäge başlamagy oňyn bir hadysa. Häzirki wagta çenli onuň hötdesinden gelip bilmedik. Bu oňyn bir hadysa" diýip belledi. 

Peskow gepleşikleriň netijesi bilen bagly artykmaç umyt beriji bir beýanat bermejekdigini belläp: "Häzirki wagta çenli örän umytlandyryjy, öwrülişik nokadydygyny beýan edip bilmeris, entek edilmeli köp iş bar" diýip mälim etdi. 

Russiýanyň Günbatar ýurtlaryna tebigy gaz eksportynda rus rubly bilen töleg etmäge başlamaklary bilen bagly tapgyryň hem üstünde durup geçen Peskow: "Tölegler we gaz üpjünçiligi wagt alýan bir tapgyrdyr. Putiniň rubl bilen töleg ulgamynyň kesgitlenmegi bilen baglanşykly öňe süren möhledi 31-nji martda tamamlanýar. Bu bolsa ertir ugradylar we edil ertir agşam rubl bilen töleg ediler manysyna gelmeýär" diýip belledi. 

Peskow Russiýanyň eksportda biri-birinden tapawutly önümlerde hem rubl bilen töleg ulgamyna geçip biljekdigini nygtap: "Milli walýutamyzyň ulanylmagyny giňeltmek, hökümedimiziň üstünde işleýän bir ugrudyr. Bu hem biziň hem-de hyzmatdaşlarymyzyň bähbidinedir" diýip aýtdy. 



Degişli Habarlar