ABŞ, Gündogar Ýewropa Ýurtlaryna Esger Ugradar

Pentagon, ýekşenbe güni hem 6 harby uçar bilen 240 esgeriň Germaniýa ugradyljakdygyny mälim edipdi.

1804471
ABŞ, Gündogar Ýewropa Ýurtlaryna Esger Ugradar

ABŞ, Gündogar Ýewropa ýurtlaryna 400 esger bilen 10 harby uçar ugradar

ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Pentagynyň metbugat geňeşçisi Jon Kirby metbugata beren beýannamasynda, Norwagiýada türgenleşige gatanaşan 200 esgerden ybarat harby topary Litwa ugradandyklaryny aýtdy.

200 esgeriň  hem häzir Litwada iş alyp barýandygyny nygtan Kirby, “10-dan gowrak harby uçar bilen birlikde ýene-de 200 esger Gündogar Ýewropa ýurtlaryna ugradylar” diýdi.

Kirby beýannamasynda Russiýanyň Ukrainanyň paýtagty Kiýewdäki esgerleriniň sanyny azaltmak baradaky beýannamasy hakynda hem durup geçdi.

Pentagynyň metbugat geňeşçisi Jon Kirby, Russiýanyň Kiýewden diňe kiçi harby toparyny çekendigini emma munyň hakyky manyda yza çekilmek bolmandygyny öňe sürdi.

Russiýanyň henizem Kiýewde we töwereklerinde uly harby toparynyň bardygyny aýdan Jon Kirby, rus güýçleriniň demirgazyga tarap çekilendigini belledi.

Pentagon, ýekşenbe güni hem 6 harby uçar bilen 240 esgeriň Germaniýa ugradyljakdygyny mälim edipdi.

 


Etiketkalar: #Germaniýa , #Ýewropa , #esger , #ABŞ

Degişli Habarlar