Somali Agyr Gurakçylyk Sebäpli Gytlyk Howpuny Başdan Geçirýär

BMG-niň Halara Migrasiýa gullugynyň Twitter hasabndan berilen habarnamada Somalidäki gurakçylygyň agyrlaşýandygy habar berildi.

1803146
Somali Agyr Gurakçylyk Sebäpli Gytlyk Howpuny Başdan Geçirýär

Habarnamada Somaliniň agyr guraklygy başdan geçirýändigi nygtalyp, onuň gytlyk howpuny emele getirýädigine üns çekildi.

Ýurtda gurakçylyga garşy göreşiň dowam edýändigi, geçen aý 1,8 million adama azyk, 173,400 adama suw kömeginiň berilendigi mälim edildi.

Beýannamada ýurtda ýene-de 4,9 million adamyň kömege mätäçdigi nygtalyp, bu meselede halkara jemgyýetçiliginden goldaw soraldy.

Somaliniň hökümeti agyrlaşýan gurakçylyk sebäpli 2021-nji ýylyň 23-nji noýabrynda ýurt boýunça “gyssagly ýagdaý” yglan edipdi.


Etiketkalar: #BMG , #gytlyk , #gurakçylyk , #Soamli

Degişli Habarlar