Rus Güýçleri Ýitgi Çekmäge Dowam Edýär

Rus güýçleriniň fewral aýynyň 24-i bilen mart aýynyň 29-y aralygynda çeken ýitgisi hakynda maglumat berildi

1803481
Rus Güýçleri Ýitgi Çekmäge Dowam Edýär

Ukraina garşy söweş başladan Rus güýçleri 17 müň 200 esgerini, 127 uçaryny, 129 dikuçaryny we 596 tankyny ýitirdi.

Ukrainanyň Baş ştabyndan berlen beýannamada, rus güýçleriniň fewral aýynyň 24-i bilen mart aýynyň 29-y aralygynda çeken ýitgisi hakynda maglumat berildi.

Ukraina hüjüm eden rus güýçlerine degişli 17 müň 200 esger öldürildi, ruslara degişli 127 uçar, 129 dikuçar, 597 tank, 1710 sowutly ulag, 303 top, 96 raketa we 54 howa goranyş ulgamy hatardan çykaryldy.

Rus güýçleri 1178 ulagyny, 7 gämisini, 73 ýangyç ulagyny we 71 uçarmansyz howa ulagyny hem ýitirdi.

 


Etiketkalar: #söweş , #Ukraina , #Russiýa

Degişli Habarlar