Antalýada ukrainaly mugallymlar ukrainaly okuwçylara ders berýär

Ukrainaly mugallymlar we okuwçylar häkimligiň özleri üçin döreden mümkinçilikleri üçin minnetdarlyk bildirdiler

1802786
Antalýada ukrainaly mugallymlar ukrainaly okuwçylara ders berýär

Russiýanyň Ukraina garşy başladan söweşinden soň Türkiýä sygynan ukrainaly 48 mugallym, 340 ukrainaly çaga, dersleriniň bölünmezlikleri üçin Antalýada meýletin ýagdaýda ders berýärler. 

Konýaalty etrabynyň häkimi Semih Esen metbugat işgärlerine beren beýanatynda: "Konýaalty etrabymyza gelen okuwçylaryň bilim we sosial mümkinçilikler boýunça yzda galmazlyklary üçin Ukrainaly meýletin mugallymlar bilen bilelikde okuw meýilnamasyny taýarladyk. 340 okuwçymyza ukrainaly 48 mugallym ders berip, okuwçylaryň dersleriniň bölünmzlikleri üçin iş alyp barýarlar. Çagalaryň söweş psihologiýasyny öz üstlerinden aýyrmaklary örän kyn, emma bedenterbiýe, sport we sungat bilen şol psihologiýany has az duýmaklaryny isleýäris. Söweşiň iň gysga wagtda tamamlanyp çagalaryň we mugallymlaryň ýurtlaryna gaýdyp barmaklaryny dileýäris" diýip habar berdi. 

Ukrainaly mugallymlar we okuwçylar häkimligiň özleri üçin döreden mümkinçilikleri üçin minnetdarlyk bildirdiler.

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy söweş başladypdy, millionlarça ukrainaly başga ýurtlara sygynmaga başlapdy. 



Degişli Habarlar