Russiýanyň Ukrainanyň Lwow şäherine guran hüjüminde ilkinji kesgitlemelere görä 5 adam ýaralandy

Russiýanyň Ukrainanyň Lwow şäheriniň golaýyndaky ýangyç ammaryna 2 aýry ugrukdyrylýan raketa bilen hüjüm guramagy netijesinde bolan partlamada ilkinji kesgitlemelere görä 5 adam ýaralandy

1802468
Russiýanyň Ukrainanyň Lwow şäherine guran hüjüminde ilkinji kesgitlemelere görä 5 adam ýaralandy
ukrayna tahliyeler.jpg
rusya lviv saldiri.jpg

Lwow sebitiniň Harby dollandyryş gullugynyň başlygy Maksim Koziskiý Telegramdan beren beýanatynda, düýn Lwow şäheriniň golaýyndaky ýangyç ammaryna  2 aýry ugrukdyrylýan raketa bilen hüjüm guralmagy netijesinde 3 uly partlamanyň bolandygyny mälim etdi. 

Yzly-yzyna bolan partlamalaryň netijesinde azyndan 5 adamyň ýaralanandygyny aýdan Koziskiý, ruslaryň howa hüjümlerinde şäherdäki hiç bir ýaşaýyş jaýyna hüjüm guralmandygyny habar berdi. 

Lwowyň şäher häkimi Andriý Sadowýi hem Telegram hasabyndan beren beýanatynda, şähere rus raketaly hüjümleriň dowam edýändigini we 3 uly partlamanyň bolandygyny aýan etdi. 

Howa hüjümlerinden ozal eşidilen sirena sesleri sebäpli şäheriň merkezindäki açyk howada berilen konserdiň doly tamamlanmandygy beýan edildi. 

Beýleki tarapdan Ukrainanyň Goranmak ministrliginiň metbugat sekretary Aleksandr Motzuýanik, ukrainaly esgerleriň ýurdyň paýtagty Kiýew şäherine girmegi maksat edinen rus harby birikmelerini şäherden 70 km çenli yzyna serpikdirendiklerini, käbir zolaklarda bolsa 35 km uzaklyga çenli yzyna serpikdirilendigini mälim etdi. 

Ukrainanyň Ýaragly güýçleri düýn mundan başgada Sumy sebitindäki Trostýanes şäheri bilen Zaparožýe sebitindäki Poltawka obasyny rus harby birikmelerinden yzyna basyp alandyklary bellendi. 

Ukrainanyň Slawutyç şäheriniň häkimi Ýuriý Fomiçew bolsa şäheriň Russiýa tarapyndan basylyp alynandygyny aýan etdi. 

Beýleki tarapdan Ukrainanyň Wise-premýeri Irina Wereşýuk soňky 24 sagatda ynsanperwer koridorlaryň üsti bilen aglabasy Mariupol şäheriniň ýaşaýjysy bolan asuda ilatdan 5 müň 208 adamyň ewakuasiýa edilendigini habar berdi. 

Irina Wereşýuk beren beýanatynda, 26-njy martda asuda ilatyň ewakuasiýasy üçin 10 ynsanperwer koridoryň işländigini nygtady, 

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy harby hüjüm başladypdy. 


Etiketkalar: #ammar , #ýangyç , #Ukraina , #Lwow , #Russiýa

Degişli Habarlar