Peskow Gerek Bolan Halatynda Ýadro Ýaragyndan Peýdaljakdylaryny Aýtdy

Dmitriý Peskow “CNN” teleýaýlymynda Russiýa-Ukraina söweşi hakynda garaýyş beýan etdi.

1800225
Peskow Gerek Bolan Halatynda Ýadro Ýaragyndan Peýdaljakdylaryny Aýtdy

Russiýanyň Prezidentiniň Diwanynyň metbugat Sekretary Dmitriý Peskow ýurtlaryna garşy “düýpli howp” gören halatlarynda Prezident Putiniň ýadro ýaragyndan peýdalanjakdygyny aýtdy.

Wladimir Putiniň haýsy şertlerde Russiýanyň ýadro şertlerinden peýdalanjakdygy hakynda soraga jogap beren Peskow: “Ýurdumyz üçin düýpli howp ýüze çykan halatynda bolup biler” diýdi.

Peskow, Putiniň häzirki wagta çenli Ukrainadaky maksatlaryna ýetip-ýetmändigi hakynda bolsa; “Heniz ýetilmedi. Heniz maksatlara ýetilmedi”diýdi.

Dmitriý  Peskow: “Operasiýamyz meýilnamalara we maksatlara laýyklykda dowam edýär” diýdi.



Degişli Habarlar