Owganystanda Mekdepler Açylýar

Owganystanda birnäçe aý soň oglanlar üçin ähli mekdepler we gyzlar üçin başlangyç mekdepler açyldy.

1800611
Owganystanda Mekdepler Açylýar

Talibanyň wagtlaýyn hökümetiniň Bilim ministligi ýurtdaky ähli mekdepleriň şu gün açylandygyny beýan etdi.

Gyzlar üçin häzirlikçe başlangyç mekdepleriň açylandygy, orta mekdepleriň we liseýleriň ikinji görkezmä çenli açylmajakdygy habar berildi.

Beýannamada orta mekdepleriň we liseýleriň mekdep egin-eşikleri şerigata, owgan däpleri we medeniýetine laýyk dizaýn edilmeginden soň açyljakdygy nygtalýar.

Owganystanda 13-18 ýaş toparynyň bilim alýan orta mekdepler we liseýlerde umuman gyzlar bilen oglanlara aýry bilim berilýärdi.

Koronawirus pandemiýasy sebäpli mekdeplerde bilim berilmegi bes edilipdi, Talibanyň häkimiýetiň başyna geçmeginden soň bosla mekdepler ýapylypdy.

Owganystanda 16 müňden gowrak mekdepde 9 milliona barabar okuwçy bilim alýar.

Okuwlaryň 40 göterimine barabary gyzlardan ybarat.

Gyz we oglan talyplaryň aýry synplarda we wagtlarda ders almaklary üçin döwlet uniwersitetlerinde fewral aýynda okuwa başlanypdy.

 



Degişli Habarlar