“Russiýanyň Ultimatumlaryna Boýun Egmeris”

“Bize Harkowy, Mariupoly we Kiýewi beriň diýýärler. Ne ady agzalýan şäherleriň ýaşaýjylary ne-de prezident bu şerti kabul eder”

1799548
“Russiýanyň Ultimatumlaryna Boýun Egmeris”
ukrayna.jpg
Ukrayna Rusya Savaşı Süperfoto2.jpg
Ukrayna Rusya Savaşı Süperfoto1.jpg

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Russiýanyň ultimatumlaryny ýerine ýetirmejekdiklerini, munyň diňe Ukrainanyň halky dolulygyna ýok edilen halatynda mümkin boljakdygyny aýtdy.

Wladimir Zelenskiý, Ýewropaly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine beren beýannamasynda, 24-nji fewraldan bäri dowam edýän söweşiň bes edilmegi üçin Russiýanyň öňe süren şertleri hakynda maglumat berdi.

Basyp alyşlyk astyndaky şäherlerde halkyň rus esgerlerine uly garşylyk görkezýändigini aýdan Zelenskiý “Bize Harkowy, Mariupoly we Kiýewi beriň diýýärler. Ne ady agzalýan şäherleriň ýaşaýjylary ne-de prezident bu şerti kabul eder”diýdi.

Wladimir Zelenskiý, Russiýa bilen geçirilýän gepleşiklerde ylalaşyk gazanyljak meseleleriň Ukrainada ähli halk sese goýulşygyna hödürlenmelidigini nygtady.



Degişli Habarlar