Söweş Sebäpli Ukrainadan Polşa Geçenleriň Sany 2 Million Adamdan Geçdi
24-nji fewralda başlan söweş sebäpli 2 milliondan gowrak ukrainalynyň Polşa geçendigi nygtaldy.
![Söweş Sebäpli Ukrainadan Polşa Geçenleriň Sany 2 Million Adamdan Geçdi](http://cdn.trt.net.tr/images/xlarge/rectangle/ec99/d322/85ff/623836847bca4.jpg?time=1722043119)
Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda 24-nji fewralda başlan söweş sebäpli 2 milliondan gowrak ukrainalynyň Polşa geçendigi nygtaldy.
Polşa tarapyndan berlen beýannamada, ýurda giren Ukrainalylar hakynda maglumat berildi.
Beýannamada söweşiň başlan gününden bäri 2 million 114 müň ukrainalynyň Polşa girendigi bellenildi.
Rus hüjümlerinden gaçyp Polşa giren ukrainalylaryň bir böleginiň bolsa başga ýurtlara geçendigi nygtaldy.
Warşawa uniwersitetiniň Immigrantlar merkezine görä, Polşada 1,2 milliona golaý ukrainaly bar.
Söweşiň başlan gününden bäri 250 müňden gowrak ukinaly bolsa Polşanyň üsti bilen ýurtlaryna dolandy.
Degişli Habarlar
![Marokkoda aşa yssy howa sebäpli 21 adam ýogaldy](http://cdn.trt.net.tr/images/medium/rectangle/ecec/d906/3c7c/667d0a4005099.jpg?time=1722043120)
Marokkoda aşa yssy howa sebäpli 21 adam ýogaldy
Marokkoda aşa yssy howa sebäpli ýaşuly we kesellän adamlardan ybarat jemi 21 adam ýogaldy