Russiýanyň goşuny Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäherindäki söwda merkezine hüjüm gurady

Ukrainanyň Prezidentiniň maslahatçysy Alekseý Arestowiç bolsa Russiýanyň ähli front liniýalary boýunça duruzulandygyny mälim etdi

1798840
Russiýanyň goşuny Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäherindäki söwda merkezine hüjüm gurady

Ukrainanyň Döwlet Tiz kömek gullugy, Russiýanyň goşunynyň düýn agşam Kiýew şäherindäki söwda merkezine guran hüjüminde 4 adamyň ýogalandygyny, 1 adamyň bolsa ýaralanandygyny mälim etdi. 

Beýanatda Kiýew şäheriniň Podolskiý etrapçasyndaky söwda merkezine guralan hüjümden soň wakanyň bolan ýerinde gözleg we halas ediş işleriniň başladylandygy bellenen beýanatda: "Wakada 4 adam ýogaldy, 1 adam bolsa ýaralandy" diýip habar berildi. 

Ukrainanyň Prezidentiniň maslahatçysy Alekseý Arestowiç bolsa Russiýanyň ähli front liniýalary boýunça duruzulandygyny mälim etdi.

Russiýanyň Ukraina garşy başladan söweşiniň 25-nji güni barada beýanat beren Alekseý Arestowiç: "Russiýanyň front liniýalarynyň ählisinde duruzyldy. Rus tarapynyň şony üýtgetjek güýji galmady" diýip habar berdi.

Russiýada harby işgärlere garşy basyşlaryň başlandygyny aýdan Arestowiç, Russiýanyň Federal Howpsuzlyk gullugynyň derňewleriniň netijesinde goşundaky serkerdeleri hem gorkaklyk we ýukaýüreklilik bilen günäkärlemäge başlandyklaryny aýan etdi.

Beýleki tarapdan Ukrainanyň Prezident Ofisiniň maslahatçysy Mihail Podolýak Russiýanyň Ukraina garşy 24-nji fewralda başladan söweşinden bäri 6 rus generalyň öldürilendigini beýan etdi.

Mihail Podolýak Twitterden beren beýanatynda: "Russiýa Federasiýasynyň ýokary derejeli serkerdeleriniň ölüm görkezijileri ünsleri özüne çekýär" diýip habar berdi.

Rus senator Ýekaterina Altabaýewa hem sosial media hasabyndan beren beýanatynda, Mariupoldaky çaknyşyklarda Russiýanyň Gara deňiz flotynyň serkerdesiniň orunbasary polkownik Andreý Paliýiň ölendigini beýan etdi.

Andreý Paliýiň 1992-nji ýylda Kiýewdäki Harby-deňiz syýasat mekdebinden uçurym bolandygyny, 1993-nji ýylda Ukrainanyň goşunyna girmegi ret edip Russiýanyň Demirgazyk flotyna girendigini ýatladan Altabaýewa, polkownik Paliýiň 2008-nji ýylda Gruziýadaky söweşe hem gatnaşandygyny ýatlatdy. 

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy harby söweş başladypdy. 



Degişli Habarlar