Eýranda 6 bal ululygynda ýer titremesi boldy

Eýranyň günortasyndaky Hormuzgan welaýatynda 6 bal ululygynda ýer titremesi boldy

1796993
Eýranda 6 bal ululygynda ýer titremesi boldy

Tähran uniwersitediniň Seýismalogiýa merkezinden berilen maglumata görä, güýç merkezi Hormuzgan welaýatynyň Kuherd etraby bolan 6 bal ululygyndaky ýer titreme ýerli wagt bilen sagat 02:45-de, ýeriň 10 km aşagynda emele geldi. 

Ýurdyň mediasynda berilen habara görä golaýdaky şäherlerde hem duýulan we adamlarda howsala döreden ýer titremede, adam ýitgileriniň çekilip-çekilmändigi bilen bagly maglumat berilmedi. 

Hormuzgan welaýaty ýurdyň günortasynda Basra aýlagynda ýerleşýär. 


Etiketkalar: #ýer titremesi , #Eýran

Degişli Habarlar