Rus Ýaragly Güýçleri Söweşjeňlik Ukybyny Ýitirdi

Ukraina, ýurda hüjüm guraýan Russiýanyň ýaragly güýçleriniň 40 göteriminiň söweşjeňlik ukybyny ýitirendigini ýa-da dolulygyna ýok edilendigini habar berdi.

1796251
Rus Ýaragly Güýçleri Söweşjeňlik Ukybyny Ýitirdi

Ukrainanyň Baş ştabyndan berilen ýazmaça beýannamada Russiýa bilen Ukraina söweşi boýunça soňky maglumatlar berildi.

Ukrainanyň territoriýasyna giren rus goşunlarynyň 40 göteriminiň güýjüni ýitirendigine üns çekilýän beýannamada; “Umuman 2022-nji ýylyň 15-nji martyna çenli Ukraina operasiýa diýilýän söweşe gatnaşýan harby birikmeleriň 40 göterimine barabary ýok edildi. Doly ýok edildi ýa-da söweşjeňlik ukybyny ýitirdi” diýilýär.

Beýannamada soňky bir günde diňe bir Ukrainanyň Çernobaýewka etrabyndaky çaknyşyklarda rus goşuna degişli 7 harby dik uçaryň hatardan çykarylandygy nygtalýar.

Britaniýanyň Goranmak ministrliginiň günlük maglumat habarnamasynda; “Russiýa Ukrainadaky ýitgilerini goldamak we öwezini dolmak üçin goşmaça goşun getirmäge synanşýar. Şol ýitgileriň netijesinde Russiýanyň Ukrainanyň yzgiderli garşy durmasy sebäpli operasiýalary alyp barmakda kynçylyk çekmegi mümkin” diýilýär.

Habarnamada dowam edýän ýitgiler sebäpli Russiýanyň basyp alan ýerleri elinde durmagynyň we howpsuzlygyny üpjün etmeginiň kyn boljakdygy beýan edildi.

 



Degişli Habarlar