Coco-Cola we Starbucks Russiýadaky Işlerini Bes Etdi, McDonalds Hem 850 Restoranyny Ýapar

Russiýanyň Ukraina garşy guraýan hüjümlerini ýazgaryldy

1792373
Coco-Cola we Starbucks Russiýadaky Işlerini Bes Etdi, McDonalds Hem 850 Restoranyny Ýapar

Amerikan alkogolsyz içgi firmasy Coco-Cola, Russiýadaky işlerini bes edendigini habar berdi.

Firma tarapyndan berlen beýannamada, Russiýanyň Ukraina guraýan hüjümleri sebäpli Coco-Colanyň Russiýadaky işleriniň wagtlaýyn bes edilendigi we waka bilen ýakyndan gyzyklanylmaga dowam ediljekdigi we degişli kararyň kabul ediljekdigi ýatladyldy.

Amerikan kofe firmasy Starbucks hem Russiýadaky ähli söwda maksatly işlerini bes edendigini mälim etdi.

Firmanyň ýokary derejeli ýolbaşçysy Kewin Jonson, mesele hakynda beren beýannamasynda, Russiýanyň Ukraina garşy guraýan hüjümlerini ýazgardy.

Wakalar bilen ýakyndan gyzyklanmaga dowam edýändiklerini nygtan Jonson, firmalarynyň önümleriniň Russiýa satylmagy bilen birlikde Russiýadaky ähli söwda maksatly işleriniň wagtlaýyn bes edilmegi hakynda kararyň kabul edilendigini ýatlatdy.

Jonson, firmanyň Russiýadaky şärikleriniň işleriň gyssagly bes edilmegini kabul edendigini belledi “Russiýada Starbuckda işleýän 2 müňe golaý işgärimize maliýe kömegini bermäge dowam ederis” diýdi.

Amerikan azyk firmasy McDonalds hem Russiýanyň Ukraina guraýan hüjümlerine garşylyk görkezmek maksady bilen Russiýadaky 850 restoranyny wagtlaýyn ýapjakdygyny habar berdi.

Firmanyň ýokary derejeli ýolbaşçysy Kempçinski, firmanyň Ukrainada adam pidasynyň çekilmegine ünsiz çemeleşip bilmejekdigini nygtap "McDonalds, Russiýadaky ähli restoranlaryny wagtlaýyn ýapar” diýdi.

Kempçinsi firmanyň Russiýadaky işgärleriniň aýlyk günlüklerini tölemäge dowam etjekdigini belledi.



Degişli Habarlar