Ýewropa Bileleşigi Russiýa garşy goşmaça sanksiýalaryň girizilmegini tassyklady

Ýewropa Bileleşigi (ÝB) Russiýa-Ukraina söweşi sebäpli Russiýanyň deňiz pudagy, käbir resmiler, we oligarhlar bilen Belarussiýa degişli 3 bankyň SWIFT ulgamyndan çykarylmagyny öz düzüminde jemleýän täze sanksiýalary tassyklady

1792552
Ýewropa Bileleşigi Russiýa garşy goşmaça sanksiýalaryň girizilmegini tassyklady

ÝB-niň Döwürleýin başlygy bolan Fransiýanyň resmi sosial media hasabyndan berilen beýanatda, ÝB-ne agza ýurtlaryň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda Russiýa we Belarussiýa garşy täze sanksiýalaryň tassyklanandygy we şol çäreleriň ÝB-niň resmi gazedinde çap edilip güýje girjekdigi aýan edildi. 

Girizilen täze sanksiýalara laýyklykda, Russiýanyň Ukraina garşy hüjüminde möhüm rol eýeleýän käbir rus resmiler, oligarhlar we olaryň maşgalalarynyň emläkleri doňdurylar. Şol adamlara syýahatçylyk gdaganaçylygy girizler. 

Belarussiýa degişli 3 bank halkara pul ugratmak ulgamy SWIFT-den çykarylar. 

Kriptowalýutalaryň Russiýa garşy girizilen sanksiýalara garşy ulanylmagynyň öňi alynar. 

Käbir önümleriň we tehnologiýalaryň Russiýa ugradylmagy gadagan ediler. 

Russiýanyň deňiz pudagyna garşy sanksiýalar giriziler. 

Häzirki wagtda ÝB-niň Russiýanyň Ukraina garşy başladan hüjümleri sebäpli girizen 3 aýry sanksiýa bukjasy bar. 

ÝB Russiýa garşy maliýe, energetika, transport, ekport gözegçiligi we maliýeleşdirilmegi bilen wiza syýasaty ýaly biri-birinden tapawutly ugurlar boýunça sanksiýalary bar. 

Sanksiýalaryň çäginde Russiýa degişli 7 bank SWIFT-den çykaryldy, Russiýanyň Merkezi bankynyň Günbatar ýurtlaryndaky ätiýaçlary doňduryldy. 

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy harby hüjüm başladypdy. 


Etiketkalar: #Ukraina , #sanksiýa , #Russiýa , #ÝB

Degişli Habarlar