Russiýada hökümediň Ukraina garşy başladan hüjümleri protest edildi

Russiýanyň 24-nji fewralda Ukraina garşy başladan hüjümleri, ýurdyň paýtagty Moskwa şäherinde protest edildi, 1700-den gowrak adam göz tussaglygyna alyndy

1790731
Russiýada hökümediň Ukraina garşy başladan hüjümleri protest edildi

Moskwa şäherinde hepdäniň ahyrynda köp sanda adam köçelere çykyp "Ýok bolsun uruş" diýip şygarlar aýtdylar. 

Gyzyl meýdançanyň golaýyndaky Manežde geçirilen protestlere howpsuzlyk güýçleri berk garşylyk görkezdiler. 

Polisiýa işgärleri 1700-den gowrak protestçini göz tusaaglygyna aldy. Hüjümleriň başlan gününden bäri göz tussaglygyna alynanlaryň sany bolsa 11 müň adamdan geçdi. 

Beýleki tarapdan bolsa ýurdyň hökümediniň syýasatyna goldaw berýän käbir ruslar bolsa Moskwada ulaglary bilen ulag kerwenini emele getirdiler. 


Etiketkalar: #Ukraina , #protest , #Moskwa , #Russiýa

Degişli Habarlar