Zelenskiý ABŞ-dan has köp goldaw berilmegini talap etdi

Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý ABŞ-nyň Kongresiniň agzalaryndan goranmak ugry we uçar boýunça has köp goldaw berilmegini talap etdi

1790488
Zelenskiý ABŞ-dan has köp goldaw berilmegini talap etdi

ABŞ-nyň Senadynyň köpçülikleýin lideri Demokrat Çak Şumer, Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiýniň göni wideoaragatnaşyk arkaly amerikaly senatorlar we Wekiller mejlisiniň agzalary bilen duşuşyk geçirendigini habar berdi.

Şumeriň Amerikan mediasyna beren beýanatyna görä, Zelenskiý eden çykyşynda ýurdunyň Russiýa garşy goranyşyny güýçlendirip bilmek üçin örän uçara zerurlygynyň bardygyny we bu ugurda ABŞ tarapyndan kömek berilmegine garaşýandyklaryny mälim etdi. 

Jemi 280-den gowrak Senatoryň we mejlisiň agzalarynyň onlaýn duşuşyga gatnaşandygyny aýdan Şumer: "Uçarlar Ukraina üçin örän möhüm. Men hem öz gezegimde olary üpjün etmek üçin elimden gelenini ederin" diýip aýan etdi. 

Çak Şumer Kongresiň Ukraina ynsanperwer we goranmak maksatly 10 milliard dollar möçberindäki bukjany tassyklajakdygyny we Ukrainanyň halkyny goldamaga dowam etjekdigini beýan etdi. 

ABŞ-nyň hökümedi Ukraina goldaw bermek maksady bilen 10 milliard dollarlyk bukja üçin Kongerse ýüz tutupdy, gysga wagt ozal 350 million dollarlyk goranyş maksatly enjamlaryň Kiýewe ugradylmagyny tassyklapdy. 

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy hüjüm başladypdy. 



Degişli Habarlar