Russiýanyň Ukraina Yglan Eden Söweşiniň Çykdajysy 20 Milliard Dollardan Geçer

Russiýanyň 24-nji fewralda Ukraina garşy başladan söweşiniň resmi Moskwa günlük gymmatynyň 20 milliard dollardan geçjekdigi beýan edildi.

1789166
Russiýanyň Ukraina Yglan Eden Söweşiniň Çykdajysy 20 Milliard Dollardan Geçer

Onlaýn geňeşdarlyk firmasy “Konsultansiniň” habarlaryna görä ylmy barlag merkezleri “Sentr for Ekomonik Resursý we EziBiznes” we geňeşdarlyk firmasy “Siwitta” tarapyndan geçirilen Russiýa-Ukraina söweşiniň rus ykdysadyýetine düşýän gymmatyny hasaplan ylmy barlagy çap etdi.

Ylmy barlagda anyklanan harby enjam we gullukçy ýitgisi bilen birlikde söweşden çekilýän gönüden ýitgileriň birinji bäş günde Russiýa düşen gymmatynyň 7 milliard dollara barabar bolandygy beýan edildi.

Barlagda 4,2 milliard dollaryň enjam ýitgisidigi beýan edildi.

Aýratynam logistika, gullukçy, ok-däri, ýangyç, raketa atmak bilen birlikde mobilizlenmäniň göwrüminiň gymmatynyň günsaýyn artjakdygy, hüjümiň gerimi giňedigi saýyn Russiýa üçin söweşin günlük gymmatynyň 20 milliard dollardan geçjekdigi habar berildi.

Barlagda onuň adaty rus raýatlary üçin ýokary inflýasiýa we pes satyn alma güýji manysyny aňladýandygy we ýurtda ýoksullygyň artjakdygy beýan edildi.



Degişli Habarlar