Fransiýanyň Prezidenti rus we ukrain kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, Russiýanyň Döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putin we Ukrainanyň Döwlet ýolbaşçysy Wladimir Zelenskiý bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1789353
Fransiýanyň Prezidenti rus we ukrain kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Fransiýanyň hökümedi tarapyndan berilen beýanatda, Emmanuel Makronyň Putin bilen 1,5 sagat dowam eden telefon söhbetdeşligini geçirendigini habar berdi. Iki lider soňky telefon söhbetdeşligi bilen birlikde Russiýanyň Ukraina garşy başladan hüjümlerinden bäri eýýäm 3-nji gezek telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler. 

Ýeliseý köşgi mundan başgada Makronyň Zelenskiý bilen telefon arkaly telefon söhbetdeşlik geçirendigini mälim etdi. 

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow şu gün irden beren beýanatynda, Russiýanyň Fransiýanyň Ukrainadaky söweşi bes etmek bilen bagly tagallalaryny hoşallyk bilen kabul etjekdigini beýan edipdi. 

Russiýanyň esgerleri 24-nji fewralda Ukraina garşy hüjüm başladypdy. 



Degişli Habarlar