Fransiýanyň Prezident Russiýa-Ukraina söweşi barada beýanat berdi

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, Russiýanyň hüjümine sezewar galýan Ukrainada parahatçylygyň ýola goýulmagy we söweşiň bes edilmegi üçin işlerini dowam etdirjekdiklerini habar berdi

1788942
Fransiýanyň Prezident Russiýa-Ukraina söweşi barada beýanat berdi

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, Ýeliseý köşgünde halka ýüzlenip eden çykyşynda, 24-nji fewraldan bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşinde ýüzlerçe ukrainalynyň ýogalandygyny mälim etdi. 

Öňümizdäki günleriň has hem kyn boljakdygyny aýdan Makron, ukrainalylaryň goňşy ýurtlara göçýändigini, Fransiýanyň bolsa bu meselde öz üstüne düşýän jogapkärçiligi ýerine ýetirjekdigini mälim etdi. 

Makron, Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiýni goldaýandyklaryny habar berdi. 

Fransiýanyň Ýewropanyň we NATO-nyň islemeýän bu söweşiň öňüni almak üçin elinden gelenini edendigini aýdan Emmanuel Makron, Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň beren sözlerine ters ýagdaýda bu söweşi saýlap alandygyny, Moskwanyň hüjüme sezewar galan däl, eýsem söweşi başladan tarapdygyny aýan etdi. 

Fransuz lider bu söweşiň Putiniň öňe sürüşi ýaly Nasizme garşy bolmandygyny beýan etdi. 

Ukrainada parahatçylygyň ýola goýulmagy we söweşiň bes edilmegi üçin işlerini dowam etdirjekdiklerini aýdan Makron, Russiýa garşy söweşmeýändiklerini belledi. 

Emmanuel Makron, mümkin boldugy saýyn Putin bilen aragatnaşyk içinde galmaga dowam etjekdigini beýan etdi. 



Degişli Habarlar