Braziliýa Putine Goldaw Berýär

“Braziliýa Putine sanksiýa goýulmagyna we onuň ýazgarylmagyna goldaw bermeýär”

1787505
Braziliýa Putine Goldaw Berýär

Braziliýanyň Prezidenti Bolsonaro, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putine sanksiýa goýulmagyna garşydyklaryny aýtdy.

Bolsonaro metbugata beren beýannamasynda, “Braziliýa Putine sanksiýa goýulmagyna we onuň ýazgarylmagyna goldaw bermeýär”diýdi.

Braziliýanyň Prezidenti Bolsonaro “Biz dünýäniň hiçbir ýerinde söweşiň bolmagyny islemeýäris. Söweşler adamzat we ýurdumyz üçin uly kynçylyklara sebäp bolup biler. Uly krizisleriň çözülmegi üçin haýsydyr bir tarapa goldaw berilmeli däl” diýdi.

Braziliýanyň lideri, Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiniň ozal satirikdigine ünsi çekdi we ukrainanyň halkyny tankyt etdi.



Degişli Habarlar