Ysraýyl, Russiýa Ukraina Melesinde Araçy Bolmagy Teklip Etdi

Putin bilen Bennet telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

1786561
Ysraýyl, Russiýa Ukraina Melesinde Araçy Bolmagy Teklip Etdi

Ysraýylyň Premýer-ministri Naftali Bennet, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putine Ukraina meselesinde araçy bolmagy teklip etdi.

Kremlden berlen ýazmaça beýannama görä, Putin bilen Bennet telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Putin bilen Bennet telefon söhbetdeşliginde Ukrainada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.

Putin, Ysraýylyň Premýer-ministrine Donbassda guralýan harby hüjüm hakynda maglumat berdi.

Rus resmi wekiliýetiniň Belarusyň Gomel şäherine barandygyny aýdan Putin, Ukrainaly ýolbaşçylar bilen gepleşik geçirmäge taýardyklaryny belledi.

Putin, Ukrainanyň bu pursatdan ýerlikli peýdalanmandygyna ünsi çekdi.

Putin bilen Bennet, Russiýa bilen Ysraýylyň arasynda ýakyndan aragatnaşyk saklanmagy meselesinde ylalaşyk gazandy.

 


Etiketkalar: #araçy , #Ysraýyl , #Ukraina , #Russiýa

Degişli Habarlar