Zelenskiý: "Erdogan we Aliýew Russiýa bilen gepleşikleriň başlamagy üçin goldaw bererler" diýdi

Wladimir Zelenskiý, sosial media hasabyndan beýanat berdi

1786229
Zelenskiý: "Erdogan we Aliýew Russiýa bilen gepleşikleriň başlamagy üçin goldaw bererler" diýdi

Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý: "Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan we Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Russiýa bilen gepleşikleriň başlamagy üçin goldaw bererler" diýip habar berdi. 

Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý, sosial media hasabyndan beren beýanatynda, Russiýanyň ýurduna garşy başladan hüjümleriniň üstünde durup geçdi. 

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň we Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň, Russiýa bilen gepleşikleriň başlamagy üçin goldaw berjekdiklerini aýdan Zelenskiý, şol teklibi uly hoşallyk bilen kabul edýändiklerini mälim etdi. 

Zelenskiý Şweýsariýa, Gresiýa, Gollandiýa, Italiýa we Hindistan ýaly ýurtlaryň liderleri bilen hem söhbetdeş bolandygyny belläp, ýurdunyň kadaly medeni dünýäniň akýürekliligini we ünsüni özüne çekendigini beýan etdi. 

Russiýa garşy SWIFT sanksiýasy babatynda netije alandyklaryny aýdan Zelenskiý, Moskwanyň global maliýe ulgamyndan uzaklaşdyrylyp milliardlarça dollarlyk zyýan çekjekdigini aýan etdi. 

Zelenskiý Katolik dünýäsiniň dini lideri Papa Fransisk bilen birlikde dünýäniň ençeme ýurdunyň lideri bilen gürrüňdeş bolandygyny belläp, ählisiniň Ukrainanyň ýeňişi üçin doga edýändiklerini habar berdi. 

Şu günki gün basyp alyjylaryň ýurtdaky ähli zat bilen birlikde özlerini hem ýok etmäge synanyşýandyklaryny aýdan Zelenskiý: "Emma şenbe güni agşam gaçybatalga bolan Kiýew metrosynda ilkinji gezek gyz bäbegiň dogulan güni" diýip belledi. 

Zelenskkiý ýurtlaryny azat etmek üçin näçe söweşmeli bolsa söweşjekdiklerini beýan etdi. 

Russiýa 24-nji fewralda Ukraina garşy harby operasiýa başladypdy. 



Degişli Habarlar