“Zenanlaryňyzy, Ýaşulylarynyňyzy Janly Galkan Hökmünde Ulanmaklaryna Rugsat Bermäň”

Putin, Ukrainanyň harby goşunyna ýurtlarynda häkimiýeti ele geçirmek üçin çagyryş berdi.

1785645
“Zenanlaryňyzy, Ýaşulylarynyňyzy Janly Galkan Hökmünde Ulanmaklaryna Rugsat Bermäň”

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, Ukranyň ýaragly güýçleriniň harby hünärmenlerine “Zenanlaryňyzy, ýaşulylaryňyzy janly galkan hökmünde ulanmaklaryna rugsat bermäň” diýip ýüzlendi.

Russiýanyň Howpsyzlyk geňeşiniň maslahatynda çykyş eden Putin, Ukrainanyň harby goşunyna ýurtlarynda häkimiýeti ele geçirmek üçin çagyryş berdi.

“Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň harby hünärmenlerine ýene-de bir gezek ýüzlenýärin” diýen rus lideri, “Neo-faşistleriň we ukrainaly radikal milliýetçileriň çagalaryňyzy, ýan-ýoldaşlaryňyzy we ýaşulylaryňyzy janly galkan hökmünde ulanmaklaryna rugsat bermäň. Güýji ele geçiriň, şeýlelikde ylalaşyk gazanmagymyz has ýeňil bolar” diýdi.

Putin, Ukainadaky rus esgerleriniň gahrymanlarça göreşýändigini sözleriniň üstüne goşdy.

Russiýa düýn Ukraina garşy harby hüjüm başladypdy.

 



Degişli Habarlar