Russiýa Çernobyl Atom Bekediniň Gözegçiligini Ele Geçirdi

"Atom bekediniň gözegçiliginiň Russiýada bolmagy Ýewropa üçin diýseň howply"

1785051
Russiýa Çernobyl Atom Bekediniň Gözegçiligini Ele Geçirdi

Ukrainanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryjysynyň orunbasary Mihaýl Podolýak,  rus esgerleriniň Çerbobyl atom bekediniň gözegçiligini ele geçirendigini aýtdy.

Podolýak, atom bekediniň gözegçiliginiň Russiýada bolmagynyň Ýewropa üçin diýseň howplydygyny belledi.

Podolýak, paýtagt Kiýewdäki Hostomel howa menziliniň gözegçiligini hem ýitirendiklerini aýtdy.

Podolýak, Ukrainanyň resmi habarlar gullugy Ukrinforma beren beýannamasynda, Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň howa menziliniň gözegçiligini ýitirendigini emma birnäçe sagat soň yzyna alandygyny habar berdi.

Diplomatik töwerekler, Ukrainanyň port şäheri Mariupoldan partlama sesleriniň eşidilýändigini habar berdi.

Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň serkerdebaşysy Waleriý Zalužniý bolsa Russiýanyň ýurduna garşy guraýan hüjümleriniň birinji gününde Russiýanyň 30-dan gowrak tankynyň, 130 sowutly ulagynyň, 7 uçarynyň we 6 dikuçarynyň hatardan çykarlandygynyň çaklanylýandygyny belledi.

Beýleki tarapdan paýtagt Kiýew bilen birlikde käbir şäherlerde ýerli wagt bilen 22.00-dan ir ertir 06.00-a çenli köçä çykmak gadagan edildi.

Russiýa düýn Ukrina garşy harby hüjüm başladypdy.

 

 

 

 



Degişli Habarlar