Putin, “Biz Ukraina Bilen Ýokary Derejeli Gepleşik Geçirmäge Taýar” Diýdi

Hytaýyň döwlet Ýolbaşçysy Si Sizinpin, rus kärdeşi Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

1785569
Putin, “Biz Ukraina Bilen Ýokary Derejeli Gepleşik Geçirmäge Taýar” Diýdi

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, Ukraina bilen ýokary derejeli gepleşik geçirmäge taýardyklaryny nygtady.

Hytaýyň döwlet Ýolbaşçysy Si Sizinpin, rus kärdeşi Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Hytaýyň Daşary işler ministrliginden berlen beýannama görä, iki lider telefon söhbetdeşliginde Ukraina meselesi hakynda pikir alyşdy.

Si Sizinpin, Russiýa bilen Ukraina başdan geçirýän kynçylyklaryny gepleşik arkaly çözmekleri üçin çagyryş berdi.

Putin telefon söhbetdeşliginde kärdeşine, Ukraina meselesiniň taryhy we Russiýanyň Ukrainanyň gündogarynda guraýan harby hüjümi we sebitdäki ýagdaý hakynda maglumat berdi.

Hytaýyň döwlet Ýolbaşçysy Si Sizinpin, söweşden ýüz öwrülmegi we ähli ýurtlaryň howpsyzlyk aladasyna sarpa goýulmagyna ünsi çekdi.

Si Sizinpin Hytaýyň, BMG-nyň çäginde halkara hukugyna laýyklykda ähli taraplar bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýardygyny belledi.

 



Degişli Habarlar