“Geliň Gepleşik Stoluna Oturalyň”

Zelenskiý "Putine ýene-de bir gezek ýüzlenmek isleýärin: adam pidalarynyň durmagy üçin geliň gepleşik stoluna oturalyň” diýdi.

1785467
“Geliň Gepleşik Stoluna Oturalyň”

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putine ýüzlenip “Adam pidasynyň çekilmezligi üçin gepleşik stoluna oturaly” diýdi.

Ukrainanyň lideri Zelenskiý Telegramdan beren habarnamasynda “Ukrainanyň çar tarapynda çaknyşyklar dowam edýär. Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putine ýene-de bir gezek ýüzlenmek isleýärin: adam pidalarynyň durmagy üçin geliň gepleşik stoluna oturalyň” diýdi.

Zelenskiý, Russiýanyň Ukraina garşy guraýan harby hüjümlerini şol bir wagtda Ýewropa garşy başladylan söweşiň başlangyjy hökmünde görýändigini belledi.



Degişli Habarlar