“Putin Hüjümçi we Söweşi Saýlady, Jerimesini Çeker”

Jo Baýden, Russiýanyň Ukraina guraýan harby hüjümleri hakynda metbugata beýannama berdi

1784920
“Putin Hüjümçi we Söweşi Saýlady, Jerimesini Çeker”

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden “hüjümçiler, söweşi saýlap aldy” diýdi we rus kärdeşi Wladimir Putiniň söweşiň jerimesini çekjekdigini aýtdy.

Jo Baýden, Russiýanyň Ukraina guraýan harby hüjümleri hakynda metbugata beýannama berdi.

Russiýanyň emeli hemra we tehnalogiýa pudagynda durmuşa geçirýän işlerini bökdejekdiklerini, kiber hüjümlerine gaýtawul berjekdiklerini we ABŞ-daky ähli emlagynyň saklanjakdygyny, söwda gatnaşyklarynda dollaryň-ýewronyň we ýeniň ulanylmagynyň öňüni aljakdyklaryny aýdan Baýden “Gündogar serhedinde hyzmatdaşlarymyzy goramaga dowam ederis, NATO-nyň topragyny gorarys” diýdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden “Putin hüjümçi we söweşi saýlady, jerimesini çeker” diýdi.

“Putin Sowet soýuzyny gaýtadan dikeltmek isleýär” diýen Baýden, rus lideri bilen duşuşmak islemeýändigini ýatlatdy.

Jo Baýden “Putine sanksiýa goýlarmy” diýen soraga jogap bermekden gaça durdy.

 

 


Etiketkalar: #Russiýa , #Jo Baýden , #jerime

Degişli Habarlar