Putin Howpsuzlyk Geňeşinde Ukrainadaky Ýagdaý we Howpsuzlyk Kepillikleri Hakynda Maslahat Geçirdi

Kremlden berilen beýannama görä Putin Russiýanyň Howpsuzlyk geňeşiniň agzalary bilen maslahat geçirdi.

1781129
Putin Howpsuzlyk Geňeşinde Ukrainadaky Ýagdaý we Howpsuzlyk Kepillikleri Hakynda Maslahat Geçirdi

Putin, Ukrainadaky ýagdaý boýunça pikir alyşylan maslahatda hepdäniň dowamynda geçiren halkara duşuşyklary we telefon arkaly gepleşikleri hakynda maglumat berdi.

Maslahatda Russiýanyň howpsuzlyk kepillikleri hakynda-da pikir alyşyldy.

Russiýa 2021-nji ýylyň dekabrynda ABŞ blen NATO dürli howpsuzlyk kepillikleri boýunça teklipleri öz içine alýan 2 ylalaşyk taslamasyny hödürläpdi.

ABŞ we NATO mesele boýunça ýanwar aýynda Russiýa ýazmaça jogap beripdi.

Russiýa bolsa resmi Waşingtonuň beren jogagyna reaksiýasyny düýn 11 sahypalyk hat üsti bilen gowşurypdy.



Degişli Habarlar