NATO Russiýa-Ukraina krizisini ara alyp maslahatlaşdy

NATO agza ýurtlaryň Goranmak ministrleri Russiýa Ukrainadan harby güýçlerini çekmek we Ýewropanyň howpsuzlygy bilen baglanşykly dialog üçin diplomatiýa ýoluny saýlap almak barada çagyryş berdi

1780112
NATO Russiýa-Ukraina krizisini ara alyp maslahatlaşdy

Belgiýanyň paýtagty Brýusseldäki NATO ştabynda geçirilen NATO agza ýurtlaryň Goranmak ministrleriniň maslahatynda ministrleriň Ukrainadaky ýagdaý bilen baglanşykly jarnamasy çap edildi.

Jarnamada Russiýanyň harby güýçlerini üýşürmegine alada bildirilýändigi bellenip: "Russiýa iň güýçli ýagdaýda diplomatiýa ýoluny saýlamak, harby güýçlerini üýşürmek baradaky kararyndan ýüz öwürmek we halkara jogapkärçiliklere we borçnamalara laýyklykda harby güýçlerini Ukraina serhedinden çekmek barada çagyryş berýäris" diýip habar berildi.

Russiýa garşy eýmendirmäniň ýanynda dialoga açyk pozisiýanyň dowam etdiriljekdigi bellenen jarnamada, Russiýanyň hereketleriniň Ýewro-Atlantik sebitiň howpsuzlygyna wehim salýandygy, şol sebäpli NATO-nyň gündogarda harby barlygyny güýçlendirendigi ýatladyldy.

Jarnamada: "Goranmak we eýmendirmek bilen bagly pozisiýamyzy has hem güýçlendirmäge taýardyrys" diýip beýan edildi.

Ukrainanyň territorial bütewiligine, özygtyýarlylygyna we garaşsyzlygyna berilýän goldawyň tassyklanan jarnamada, her bir ýurdyň öz ýoluny saýlap bilmek hakynyň bardygy we Russiýanyň agressiw çemeleşmesiniň örän uly netijeleriniň boljakdygy bellendi. 

Jarnamada: "NATO we hyzmatdaşlary Russiýa bilen Ýewro-Atlantik sebitiniň howpsuzlyk meselelerinde iň ýokary derejede bolmak bilen diplomatiýa we dialog ýoluny alyp barmaga dowam edýär" diýip aýan edildi.



Degişli Habarlar