Rus harby birikmeler degişli bolan garnizonlaryna gaýtmaga başladylar

Russiýa harby türgenleşikleriň çäginde berilen wezipelerini tamamlan käbir harby birikmeleriň degişli bolan bazalaryna dolanyp barmaga başlandyklaryny mälim etdi

1778969
Rus harby birikmeler degişli bolan garnizonlaryna gaýtmaga başladylar

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň metbugat sekretary Igor Konaşenkow metbugat işgärlerine beren beýanatynda, Russiýanyň Günorta we Günbatar harby okruglaryndaky käbir harby birikmeleriň harby türgenleşikleriň çägindäki wezipelerini tamamlandygyny habar berdi. 

Ady agzalan harby birikmeleriň degişli bolan garnizonlaryna gaýtmaga başlandyklaryny aýdan Konaşenkow: "Harby birikmeler demir ýoly we gara ýollar bilen degişli bolan garnizonlaryna gaýtmaklary üçin ýüklemek işleri başlady" diýip aýan etdi. 

Konaşenkow, Belarussiýada dowam edýän harby türgenleşiklere bolsa daşary ýurtlaryň harby attaşeleriniň çagyrylandygyny belläp: "Ýaranlyk Tutanýerliligi-2022 atly harby türgenleşigiň çäginde 19-njy fewralda hakyky ok-däriler bilen türgenleşikler geçiriler" diýip nygtady. 

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Mariýa Zaharowa sosial media hasabyndan beren ýazmaça beýanatynda, Russiýanyň goşunyna degişli käbir harby birikmeleriň türgenleşikleriň çäginde berilen wezipeleri tamamlap, harby bazalaryna gaýdyp barmaga başlandygyny göz öňünde tutup: "2022-nji ýylyň 15-nji fewraly Günbataryň söweş propogandasynyň şowsuz bolan güni hökmünde taryha geçer. Ýekeje ok atylmadan, masgaralanyp we ýok edilen hökmünde" diýip beýan etdi. 



Degişli Habarlar