Germaniýanyň Daşary işler ministri Ukraina krizisiniň üstünde durup geçdi

Germaniýanyň Daşary işler ministri Annalena Berbok, Ukraina krizisi bilen baglanşykly dartgynlygy azaltmagyň jogapkärçiligini Russiýada görýändiklerini habar berdi

1778840
Germaniýanyň Daşary işler ministri Ukraina krizisiniň üstünde durup geçdi

Germaniýanyň Daşary işler ministri Annalena Berbok, Ispaniýanyň paýtagty Madrid şäherine sapar guramadan ozal beren beýanatynda, krizise parahatçylykly çözgüt tapmak üçin ähli mümkinçilikleriň peýdalanylmagynyň gerekdigini beýan etdi. 

Annalena Berbok: "Biz Ýewropa Bileleşigi we NATO hökmünde Ukrainanyň arkasyndadyrys we dartgynlygy azaltmagyň jogapkärçiligini açyk ýagdaýda Russiýada görýändigimizde şübhe ýok. Esgerleri yzyna çekmek we bu babatda doly ýagdýada açyk bolmak Moskwadaky hökümede bagly. Bu iň bolmanda Russiýanyň hem düzüminde bolan Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň ýörelgeleriniň talaplarynyň biridir" diýip aýan etdi. 

Russiýanyň harby birikmeleriniň Ukraina serhedine ýerleşdirmegi sebäpli bütin bir ýurdyň we ilatynyň ykbalynyň howp astyndadygyny aýdan Berbok: "Ýagdaý örän howply we islendik pursat has hem dartgynlaşyp biler. Biz Ýewropada bular ýaly zadyň nähili derejede çalt bolup biljekdigini örän gowy bilýäris" diýip belledi. 

Germaniýanyň Daşary işler ministri Annalena Berbok üstünlikler we adaty azatlyklar bilen birlikde ykdysady mümkinçilikleriň we abadançylygyň gelen Ýewropada, parahatçylyk düzgüniniň onlarça ýyllap edilen tagallalaryň netijesinde ýola goýulandygyna ünsleri çekip: "Muny dowamly häsýetde özgertdik. Bu asla ýitirlmeli däl we ýatdan çykarylmaly däl bir baýlykdyr" diýip mälim etdi. 


Etiketkalar: #Ukraina , #Russiýa , #Germaniýa

Degişli Habarlar